Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy
09:56 08.11.2025 3314
«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi B.Baýramow, şeýle hem “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň wekilleri girdiler.
BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýanyň howandarlygynda geçirilen çäräniň açylyş dabarasyna dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmenistan bu sergide öz milli pawilýony bilen çykyş etdi. Pawilýonda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyndaky gazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin maýa goýum mümkinçilikleri görkezildi.
Serginiň çäginde G.Agajanow bilen BAE-niň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, «ADNOC» kompaniýasy toparynyň Ýerine ýetiriji direktory we Baş direktory, doktor Sultan Al Jaberiň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar energetika ulgamyndaky türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
3-nji noýabrda «Dragon Oil» kompaniýasynyň pawilýonynda G.Agajanow «ENOC» we «Dragon Oil» kompaniýalarynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşyk geçirdi. 4-nji noýabrda bolsa Türkmenistanyň pawilýonynda «Dragon Oil» kompaniýasynyň baş direktory Abdulkarim Al Maazmi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki taslamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sergidäki «Dragon Oil» pawilýonynda Türkmenistan bilen «Dragon Oil» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maglumatlar giňden ýaýbaňlandyryldy.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti «ADNOC», «Petronas», «Siemens Energy», «Baker Hughes», «Yug-Neftegaz» hem-de «Azizi Group» ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda nebitgaz we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalar barada pikir alşyldy.
ADIPEC-2025 sergisine we maslahatyna Türkmenistanyň gatnaşmagy halkara energetika hyzmatdaşlygyny berkitmekde, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini dünýä ýaýmakda we iri halkara kompaniýalar bilen işewür gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boldy.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.