TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar

13:35 04.11.2025 2631

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15506/original-169099403327c1.jpg

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt  puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň,  Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri  “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagyny, şeýle hem Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen  suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt  puluna Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplük we pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň  jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 248 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagyny we gaplaýyş plýonkasyny (“Türkmennebit”  döwlet konserni) satyn aldylar.

Başga makalalar
161dbd754833fa.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Derwezedäki ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak meselesini gozgady.


16525194418b14.jpg
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Mehrdad Bazrpaş bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Toparyň nobatdaky mejlisi bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


161dbd7a3698dc.jpeg
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161dd22684609e.jpeg
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.


161dd264b0358e.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň häkimiýetleri bilen nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.