Türkmenistanyň Prezidenti: CIET-2025 halkara forumy ýurdumyzyň senagat mümkinçiliklerini görkezmekde uly ähmiýete eýe
13:34 04.11.2025 4110
3-nji noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän bu forum iki gün dowam eder.
Sergide kompaniýalar gurluşyk we senagat pudagyklarynda gazanylan iň täze tehnologik çözgütleri we enjamlary görkezerler.
Halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmak, gurluşyk, senagat toplumynyň pudaklaryny, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiligini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir.
"Awazada geçirilýän bu möhüm çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga hem-de durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, toplumyň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda belledi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän kämil durmuş düzümleri kemala gelýär. Binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi, häzirki zaman bilim edaralary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary hem-de beýleki binalardyr desgalar guruldy. Olaryň ençemesiniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar.
"Bu serginiň we maslahatyň türkmen hünärmenlerimiz bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn" diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belleýär.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.