Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi

13:36 04.11.2025 2468

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15507/original-1690843765cfe3.jpg

30–31-nji oktýabr aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi.

Çäräniň maksady Türkmenistan bilen Germaniýanyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmekden, şeýle hem gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekden ybarat boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Iki günlük foruma Germaniýanyň 50-den gowrak öňdebaryjy kompaniýalarynyň, banklarynyň we senagat birleşikleriniň, şeýle hem 51 türkmen kompaniýasynyň we birnäçe döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Germaniýandan gatnaşan kompaniýalaryň hatarynda Deutsche Bank AG, Commerzbank AG, BOMAG GmbH, CLAAS GmbH, John Deere International GmbH, BASF-Intertrade GmbH ýaly iri senagat konsernleri we maliýe edaralary bar.

Şeýle hem German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti, Nemes agrosenagat birleşigi, Germany Trade & Invest (GTAI) hem-de Frankfurtyň ykdysady ösüş agentligi ýaly pudak assosiasiýalary hem foruma gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan bolsa ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary bolan maliýe we bank ulgamy, oba hojalygy we azyk senagaty, dokma we ýeňil senagat, saglygy goraýyş we derman senagaty, uglewodorod we nebit-himiýa pudaklary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny alyp barýan degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar gatnaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms çykyş etdiler.

Ykdysadyýet günleriniň dowamynda plenar mejlisler, B2B we B2G duşuşyklary şeýle hem ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň gol çekişikleri geçirildi.

Forum hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklar we göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem energiýa hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Mundan başga-da, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, sanly özgertmeler we elektron hökümet ulgamyny ösdürmek pikir alyşmalaryň esasy mowzuklary boldy.

Forumyň maksatnamasy Germaniýanyň iri senagat kärhanalaryna tanyşdyrydyş saparlaryny hem öz içine aldy.

Germaniýada geçirilen Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, maýa goýumlaryny çekmek we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan möhüm pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.