Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň diplomatlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

17:06 31.10.2025 3903

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15476/original-1690455fa3da4a.jpg

Litwa Respublikasyna amala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Litwa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskas bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, diplomatlar döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm orun eýeleýän ýokary derejeli özara saparlary we duşuşyklary guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüş derejesine hem syn berildi. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-litwa toparynyň ähmiýeti nygtaldy we onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň zerurlygy bellenildi.

Şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky ulag arabaglanyşygy meselelerine garaldy. Bu ugurda litwa tarapynyň Türkmenistan bilen ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bildirildi.

Parlamentara dialogy ösdürilmeginiň zerurlygyny hem nygtaldy. Şunuň bien baglylykda, Türkmen-litwa parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygyny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki döwletiň sebitleýin we halkara düzümleriň, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler.

Gepleşiklerde bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.

Taraplar 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçyyk we ynanyşmak ýylyna we Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriler.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.