Aşgabatda Türkmenistanda Ählumumy metan borçnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
11:56 31.10.2025 4048
27-nji oktýabrda Aşgabatda Ählumumy metan borçnamasy (GMP) we ony Türkmenistanda ornaşdyrmak boýunça amaly ädimler boýunça esasy okuw seminary gibrid formatda geçirildi.
Bu okuw seminary GIZ tarapyndan GMP Sekretariaty – Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasynyň (UNEP) başlangyjy bolan Klimat we Arassa Howa Koalisiýasy (CCAC) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howa hereketleri” taslamasynyň çäklerinde guraldy.
2021-nji ýylda COP-26 Ählumumy metan borçnamasy (GMP), häzirki wagtda 159 döwleti we Ýewropa komissiýasyny öz içine alýar. Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen COP-28-de goşuldy. GMP agzalary 2030-njy ýyla çenli (2020-nji ýyldaky derejeler bilen deňeşdirilende) global metan zyňyndylaryny azyndan 30% azaltmak üçin bilelikdäki çäreleri görmäge borçlanýarlar.
Okuw seminaryna energetika pudagynda we daşky gurşawy goramak ulgamynda zähmet çekýän Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, esasy gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu okuw seminarnaryň maksady, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralarynyň wekillerini we tehniki hünärmenlerini Ählumumy metan borçnamasynyň (GMP) amaly ulanylyşy bilen tanyşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni görkezmek, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça bar bolan goldawa ünsi çekmek we COP-30 öňüsyrasynda milli derejede durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimler barada dialoga ýardam etmek boldy.
“Metan zyňyndylaryny azaltmak diňe bir ekologiýa zerurlygy däl, eýsem, Türkmenistan ýaly iri energetika pudagy bolan ýurtlar üçin uly ykdysady mümkinçilikdir. Türkmen hyzmatdaşlarymyzyň bu ugurda şeýle ýokary gyzyklanma bildirýändigi bizi diýseň begendirýär. Biziň "ÝB ýaşyl ösüş üçin" atly bilelikdäki taslamamyz howanyň üýtgemegi bilen bagly maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan bilermen mümkinçiliklerini we maliýe goldawyny bermäge gönükdirilendir” diýip, “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşi üçin: 2024 – 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler” maksatnamasynyň ýolbaşçysy, Doktor Karolina Milow belledi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.