Döwrebap özgertmelere beslenýän şäher

09:05 28.10.2025 3350

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15441/original-168ff880521b26.jpg

Halkymyzyň röwşen geljegini nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazananlarymyzyň biri hem Arkadag şäheriniň bina edilmegidir. Täze şäher maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalaryň esasynda guruldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýhasynyň netijesi bolup, arassa daşky gurşaw meselesinde diňe bir ýurt ýa-da sebit üçin däl, eýsem, dünýä möçberinde alanyňda hem örän uly taslamadyr. Arassa we «akylly» şäher hökmünde meşhurlyk gazanýan Arkadag şäheri şu döwürde ekologiýa babatda bütin adamzadyň pikirini birikdirýän we jemleýän, dünýäde ýokary ýaşaýyş üpjünçiligine gabat gelýän täsin düýpli gurluşyk desgalarynyň toplumydyr, Gündogaryň hem Günbataryň iň gowy gazananlarynyň binagärlik sungatydyr. Bu bolsa döwletimiziň tehnologik babatda uly öňegidişlikleri gazanandygyny görkezýär.

«Ýaşlaryň şäheri», «Belent özgertmeleriň şäheri», «Rowaçlyklaryň şäheri», «Ekologiýa abadançylygynyň şäheri» ady onuň uly meşhurlyga eýe bolandygyny görkezýär. Täze şäher Watanymyzyň gözel künjeginde ýerleşip, onuň özboluşly binagärlik keşbi sebitiň görküne görk goşýar, tebigy gözelliginiň sazlaşykly dowamy bolup durýar.

Ilkinji açylan gününden Arkadag şäheri «akylly» şähergurluşyk ulgamynda ýokary görkezijileri, innowasion mümkinçilikleri we ekologiýa derejesi boýunça birnäçe halkara güwänamalara eýe boldy. Innowasion şäheriň gurluşygyny iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilip, häzirki wagtda onuň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar. Gurluşygyň dowamynda durmuş, edara we önümçilik desgalary bina edilýär. Alnyp barylýan işler dünýä standartlaryna laýyklykda ýokary hilli durmuşa geçirilýär.

Arkadag şäheriniň esasy aýratynlygy munda döwrüň talabyna laýyklykda, ekologiýa meselesine möhüm üns berilýär. Desgalaryň ilkinji gurluşygyndan başlap, şu güne çenli ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanylýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen dürli toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Abadanlaşdyryş, bag ekiş wezipeleri netijeli ýerine ýetirilýär. Köpçülikleýin ulaglar, hyzmat ediş merkezleri, gurulýan önümçilik kärhanalarynyň işi, köpçülikleýin ýol-ulag düzümleri, suwaryş, yşyklandyryş, wideogözegçilik ulgamlary ekologiýa talaplaryna doly gabat gelýär. Daşky gurşaw bilen tebigatyň ajaýyp sazlaşygy gazanyldy. Bu ugurda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan üstünlik güwänamasy gowşuryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hereket edýän maksatnamalar ähli sebitleri, şol sanda Arkadag we Aşgabat şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler bilimiň, medeniýetiň, ylmyň, giň halkara hyzmatdaşlygyň we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ösmegine ýardam edýär.

Ogulsuraý GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.