KHALID IBNOU WALID KANE, Yslam ösüş bankynyň ykdysady infrastruktura amallar toparynyň ýolbaşçysy:

19:49 25.10.2025 4469

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15427/original-168fce382ebd8c.jpg

—   «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahaty we sergisi ýokary derejeli guramaçylygy bilen bizde uly täsir galdyrdy. Men Türkmenistana ilkinji gezek gelip gördim. Türkmen halkynyň myhmansöýerligi, açyk göwünliligi diýseň göwnümize ýarady. Aşgabat şäheri ak mermere beslenip, özüniň gözelligi, arassalygy, binagärlik aýratynlygy bilen haýran galdyrýar.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyna gönükdirmegi ony bu babatda ygtybarly we ynamdar hyzmatdaşlaryň birine öwürýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu gaz geçiriji taslamanyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata bermegi halklaryň ykbalynda möhüm orny eýeleýän taryhy waka boldy.

Şeýle ýokary derejeli halkara forumyna gatnaşandygymyza, Güneşli Türkmenistany görendigimize hem-de ýyly myhmansöýerlige Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de Gahryman Arkadaga öz hoşallygymyzy bildirýäris.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.