Türkmenistan we Italiýa ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär
19:51 25.10.2025 3951
24-nji oktýabrda Italiýa resmi saparynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Rimde “Kwirinale” köşgünde geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlylygyny tassykladylar.
Serjio Mattarella Türkmenistan bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu duşuşygynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
— Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris. Biz hem, öz gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris — diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiniň ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmakda eýeleýän möhüm ornuna Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.
TDH-nyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanynyň bu dostlukly ýurda ilkinji resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.