Aşgabatda «OGT 2025» 30-njy halkara maslahaty we sergisi işine başlaýar
18:06 22.10.2025 4561
22–24-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sebitiň energetika pudagyndaky iň iri we möhüm çäreleriň biri bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025» atly 30-njy halkara maslahat we sergi geçiriler.
Forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş edýärler. Çärä Turkmen Energy Forum guramasy goldaw berýär.
Şu ýylky maslahatyň şygary:
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä energetikasynyň geljegini emele getirýäris — innowasiýalar, energiýa geçişi we strategik hyzmatdaşlyk».
Maslahat milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, döwlet edaralarynyň wekillerini, halkara guramalaryny hem-de öňdebaryjy hünärmenleri birleşdirip, dünýä energetikasynyň esasy meseleleri we ösüş mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berer.
Maslahatyň umumy mejlisine ýokary derejeli hökümet wekilleri we dünýä energetikasynyň öňdebaryjy ýolbaşçylary gatnaşar.
Olaryň arasynda Said Mohammed Al Taýer (ENOC & Dragon Oil), Juraýbek Mirzamahmudow (Özbegistanyň energetika ministri), Orhan Zeýnalow (Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary), Rowşen Nadžaf (SOCAR kompaniýasynyň prezidenti), şeýle-de beýleki halkara bilermenler we iri energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar.
Maslahatyň tematikasy: energiýa geçişi we innowasion tehnologiýalar, halkara hyzmatdaşlygy, gazy gaýtadan işlemegiň we gazhimiýa pudagynyň ösüşi, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, metan zyňyndylaryny azaltmak.
22–24-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň iň iri energetika sergisi — OGT EXPO 2025 geçiriler. Sergide 70 ýurtdan 100-den gowrak kompaniýa täze tehnologiýalaryny we enjamlaryny hödürlär.
Sergi ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr.
Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergä awtobuslaryň № 35, 54, 56, 57, 58, 103 we 121 ugurlary boýunça baryp bolýar. Guramaçylar we gatnaşyjy kompaniýalar üçin nebitgaz toplumynyň awtoulag duralgasyndan ýörite ulaglar gatnaw ederler. Tertipnama konferensiýanyň resmi saýtynda elýeterlidir.
Giňişleýin maglumat we doly programma bilen tanyşmak üçin resmi web saýta girip bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.