Eni, SLB we ZOOMLION OGT-2025-iň bürünç hemaýatkärleri boldy
20:20 18.10.2025 5235
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” (OGT-2025) XXX Halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylyk komiteti “Eni Turkmenistan Limited”, “SLB” hem-de “ZOOMLION” kompaniýalarynyň şu ýylky foruma bürünç hemaýatkärleriniň hataryna goşulandygyny habar berdi. Forum 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriler.
Bu kompaniýalaryň gatnaşmagy, olaryň Türkmenistanda energetika pudagynyň ösüşine we innowasion hem-de durnukly tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge bolan uzak möhletli ygrarlylygyny görkezýär.
2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işleýän “Eni Turkmenistan Limited” kompaniýasy Balkan welaýatyndaky iň iri daşary ýurt maýadarlarynyň we iş berijileriniň biridir. Kompaniýanyň işgärleriniň 95%-den gowragy — Türkmenistanyň raýatlarydyr. 2025-nji ýylyň iýul aýynda kompaniýa Aşgabatdaky “Arkaç” işewürlik merkezinde täze ofisini açdy, bu bolsa onuň türkmen bazaryndaky uzak möhletli meýilnamalarynyň subutnamasydyr.
Naýbaşy nebit hyzmat tehnologiýalary kompaniýasy bolan “SLB” (öňki “Schlumberger”) çykaryş netijeliligini ýokarlandyrmak we uglewodorod zyňyndylaryny azaltmak ugrunda çözgütleri ornaşdyrmagyny dowam etdirýär. Kompaniýanyň OGT-2025 forumyna gatnaşmagy onuň Türkmenistandaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de durnukly önümçilige goşant goşmak islegini görkezýär.
Dünýäniň iň iri gurluşyk we ýörite tehnikalary öndürijileriniň biri bolan “ZOOMLION” kompaniýasy Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýanyň tehnikalary ýurduň nebitgaz pudagynyň esasy desgalarynda ulanylýar. Mundan başga-da, kompaniýa Aşgabatda resmi wekilhanasyny açmak meýliniň bardygyny mälim etdi.
Guramaçylyk komitetiniň maglumatlaryna görä, häzirki wagta çenli 70-den gowrak ýurtdan 1400-den köp wekiller OGT-2025 maslahatyna gatnaşmak üçin hasaba alyndy, şeýle hem 100-den gowrak kompaniýa “OGT” sergisinde öz tehnologiýalaryny we çözgütlerini hödürlär. Bu çäre — Türkmenistanyň energetika pudagyndaky iň iri waka hasaplanýar.
Forumyň hemaýatkärleri we maslahat maksatnamasy barada giňişleýin maglumaty resmi saýtda tapyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.