Türkmenistanyň Prezidenti Lebapda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

11:15 16.10.2025 5036

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15330/original-168ef7faa1a459.jpg

15-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Ir bilen Aşgabatdan Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen döwlet Baştutanymyzy dabaranyň geçirilýän ýerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Lebap welaýatynyň häkimi garşyladylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýörite gurnalan mejlisler zalynda toplumyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli söz sözledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň gaýtadan işlenilmegi netijesinde mineral dökünleri öndürmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça zerur işleriň amala aşyrylýandygyny, şunlukda, himiýa senagatynyň uly özgerişleri başdan geçirýändigini belledi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyny Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Daewoo» koreý kompaniýasy ýerine ýetirer. Superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän toplum bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa edilenden soňra, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju çykyş etdi.

Soňra döwlet Baştutany Lebap welaýatynda guruljak mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýörite gutuda ýadygärlik ýazgy galdyryp, il sylagly ýaşulular bilen bilelikde täze toplumyň gurluşygyna ak pata berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak himiýa kärhanasy ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini hem-de içerki sarp edijileri has ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün eder.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.