Petronas “OGT 2025” 30-njy halkara sergisiniň we maslahatynyň brilliant hemaýatkäri boldy

13:58 15.10.2025 4223

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15323/original-168ef505761b83.jpg

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2025) guramaçylyk komiteti Malaýziýanyň PETRONAS energetika kompaniýasynyň bu möhüm çäräniň brilliant hemaýatkäri bolandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bu strategik hyzmatdaşlyk, PETRONAS-nyň Türkmenistany sebitiň esasy energetika merkezleriniň biri hökmünde ynamly görýändigini hem-de dünýä energetika howpsuzlygyny, durnukly ösüşi we innowasiýalary goldamakdaky ygrarlylygyny görkezýär.

PETRONAS 1974-nji ýylda döredilip, Malaýziýanyň nebit we gaz serişdelerini dolandyrmak ygtyýaryna eýe boldy. Häzirki wagtda kompaniýa dünýäniň 100-den gowrak ýurduny öz içine alýan giňişleýin halkara korporasiýasyna öwrüldi. Onuň iş ugurlaryna uglewodorodlaryň gözleg we çykarylyş işleri, nebit-gaýa senagaty, nebit-himiýa önümçiligi, söwda, marketing we innowasion energetika çözgütleriniň durmuşa geçirilmegi girýär.

Kompaniýa 2050-nji ýyla çenli uglerodyň zyňyndylarynyň 0-derejesine çykmagyny (NZCE 2050) gazanmak maksadyna laýyklykda, uglerody tutmak we saklamak (CCS), wodorzod energiýasy, täzelenýän energiýa çeşmeleri ýaly ugurlarda täze taslamalary durmuşa geçirýär.

“PETRONAS 1996-njy ýylda Türkmenistanda ilkinji maýa goýumyny geçirip, ýurduň nebitgaz pudagynyň ösüşine goşzbu hyzmatdaşlygy başlapdy. Bu kompaniýa Türkmenistanyň deňiz ýataklaryna ilkinji maýa goýum eden daşary ýurt operatory boldy. 2025-nji ýylyň maý aýynda kompaniýa taýýar önümi paýlaşmak hakynda täze 25 ýyllyk ylalaşyga gol çekip, öz hyzmatdaşlygyny 2050-nji ýyla çenli dowam etdirjekdigini tassyklady.

OGT 2025-niň brilliant derejeli Baş hemaýatkärli bolan PETRONAS Türkmenistanyň hem-de dünýäniň energetika jemgyýetçiliginiň arasyndaky strategik gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant berýär.

Maslahatyň esasy temasy — «Energiýa. Innowasiýa. Ösüş.» Bu şygar PETRONAS-nyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, energiýa pudagynyň durnukly ösüşine we serişdeleriň netijeli ulanylmagyna gönükdirilen maksatlaryny doly açyp görkezýär.

PETRONAS-nyň «OGT 2025» bilen hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şeýle-de Türkmenistanda ygtybarly we durnukly energetika ulgamynyň kemala gelmegine ýardam berer.

Kompaniýa Brilliant hyzmatdaş hökmünde diňe maliýe we guramaçylyk taýdan däl, eýsem dünýä derejesindäki tejribesini, strategik garaýyşlaryny we pes uglerodly energetika ugrunda liderlik ukybyny hem paýlaşýar.

Häzirki wagtda 70-den gowrak ýurtdan 1400-den gowrak wekiller «OGT 2025» maslahatyna gatnaşmak üçin bellige alyndy. Mundan başga-da, 100-den gowrak kompaniýa «OGT EXPO» sergisinde öz tehnologiýalaryny we innowasion çözgütlerini hödürlär.

Giňişleýin maglumat we gatnaşmak baradaky maglumatlar resmi web sahypasynda elýeterlidir: www.ogt-turkmenistan.com 

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.