Awazada 3-4-nji noýabrda CIET 2025 halkara maslahaty we sergisi geçiriler
11:58 14.10.2025 5281
2025-nji ýylyň 3-4-nji noýabrynda Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat geçiriler diýipl TDH habar berýär.
Bu möhüm ähmiýetli çäre 40 ýurtdan 500-den gowrak wekili — ýokary derejeli ministrleri, halkara gurluşyk we himiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, maliýe institutlarynyň hem-de innowasion başlangyçlaryň wekillerini bir ýere jemlär.
Maslahatyň dowamynda gurluşyk, energetika we senagat pudaklarynyň durnukly ösüşe, döwrebaplaşdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyna goşandy ara alnyp maslahatlaşylar.
Ýokary derejeli umumy mejlis infrastruktura we energetika taslamalarynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky, häzirki zaman çözgütleriniň milli ösüşe ornaşdyrylyşyndaky we bu ugurlaryň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandy baradaky meselelere bagyşlanar.
Bilermenler adaty energiýa çeşmelerini monetizasiýa etmek, gazhimiýa toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek we arassa hem-de ygtybarly energiýa bilen üpjün etmek üçin täze elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça strategiýalary ara alyp maslahatlaşarlar.
Forumyň çäklerinde BIM tehnologiýalary, robotlaşdyrma, emeli aň ýaly sanlylaşdyrma meseleleri hem-de gurluşyk we senagat ulgamynda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça meseleler seljeriler.
Maslahata gatnaşyjylar Gün we ýel energiýasynyň integrasiýasy, kiçi modul reaktorlary, energetika ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylyşy hem-de şäherleriň we senagatyň durnukly ösüşi üçin dekarbonizasiýa strategiýalary barada pikir alşarlar.
Şeýle hem tegelek stolda klimat ugruna gönükdirilen maýa goýumlar, ESG çarçuwalary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň maliýeleşdirişdäki orny we klimat taýdan durnukly infrastruktura ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýän modeller barada pikir alyşmalar geçiriler.
Maslahat bilen ugurdaş geçiriljek sergide gurluşyk, energetika, nebithimiýa we himiýa senagatlaryndaky iň täze üstünlikler görkeziler. Olaryň hatarynda öňdebaryjy gurluşyk materiallary, häzirki zaman energetika çözgütleri we sanly tehnologiýalar bar.
Dünýä derejesindäki giň gerimli maslahatlar bilen utgaşdyrylýan halkara sergi bolan CIET 2025, täze hyzmatdaşlyklary döretmek, maýa goýumlary çekmek, dünýäniň iň oňat tejribelerini we innowasiýalary öwrenmek, şeýle hem Türkmenistanyň gazananlaryny halkara jemgyýetçiligine ýetirmek üçin täsirli mümkinçilikdir.
Türkmenistan gurluşyk we energetika pudaklarynda uly maýa goýum mümkinçiliklerini hödürleýär. Akylly şäher Arkadag ýaly şähergurluşyk taslamalary, giň gerimli infrastruktura döwrebaplaşdyrylyşy we ekologiýa taýdan arassa gurluşyk çözgütleriniň ornaşdyrylyşy halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Uglewodorod gorlarynyň baýlygy, gazhimiýa senagatynyň giňeldilmegi hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa ugurlaryndaky täze taslamalar durnukly ösüşe we sebitleýin baglanyşygy pugtalandyrmaga ýardam edýän başlangyçlary durmuşa geçirmekde maýa goýujylar üçin mümkinçilik döredýär.
CIET 2025 maslahatyna gatnaşmak üçin bellige alyş açyk.
Giňişleýin maglumat we bellige alyş üçin resmi saýta girip bilersiňiz:
Gurbanguly Berdimuhamedow Derwezedäki gaz kraterini söndürmegiň usulyny tapmagy tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Derwezedäki ýanyp duran gaz kraterini söndürmegiň çözgüdini tapmak meselesini gozgady.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Mehrdad Bazrpaş bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Toparyň nobatdaky mejlisi bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar
Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň häkimiýetleri bilen nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.