Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlylygyny tassyklady
10:37 07.10.2025 2855
Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, 5-nji oktýabrda TDH habar berýär.
“Siz parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde köp ýyllaryň dowamynda halkyňyzyň bähbidine yzygiderli zähmet çekip gelýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda Täjigistanyň ykdysadyýeti durnukly ösýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, ýurduň halkara giňişlikdäki at-abraýy artýar” diýip, döwlet Baştutany hatynda nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini belläp, ony mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Täjigistanyň döwlet Baştutanynyň şahsy goşandyny aýratyn nygtady.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Täjigistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.