Budapeşt Türkmenistany energetika ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýär
12:18 02.10.2025 3227
Wengriýanyň Gündogar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter Türkmenistanyň energetika pudagynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görülýändigini aýtdy. Bu barada ol Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisinden soň çykyşynda aýtdy.
«Energetika pudagynda biz ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana bil baglaýarys» diýip, Ştifter Türkmenistan Halkara habarlar portalynda ýerleşdirilen wideoteswirinde belledi.
«Wengriýa dürli ýurtlardan tebigy gazy importyna bagly, şonuň üçin biz Türkmenistanyň mümkinçiliklerine uly umyt baglaýarys we ýakyn wagtda Türkmenistan Ýewropa, has dogrusy Wengriýa gaz üpjün ediji döwlete öwrüler diýip umyt edýäris» diýip, Ştifter nygtady.
Şeýle hem şol wideomaterialda Wengriýanyň ÝB bilen gatnaşyklar boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Piter Holiça energetika hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada çykyş etdi.
«Biz şu gün Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda tebigy gaz söwdasy boýunça meseleleri, Hazar deňziniň kenarynda uglewodorodlary gözlemek we özleşdirmek boýunça taslamalaryň mümkinçiliklerini, şeýle hem geljekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdyk» diýip, Holiça aýtdy.
Ol şeýle-de «Bu duşuşyk oňyn netijeleri berdi, çünki biz bu ugurlaryň mundan beýläk nähili ösdürilip bilinjekdigini kesgitleýän esasy ýörelgeleri anyklap bildik» diýip belledi.
Holiça mundan beýläkki energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ädimleriniň oktýabrda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
«Biz şu ýylyň oktýabrynda guraljak Halkara energetika forumyna çakylyk üçin minnetdarlyk bildirýäris. Biz bu çärä gatnaşmaga hökman synanyşarys we şol ýerde energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mundan beýläkki ädimlerini hem-de mümkinçiliklerini Türkmenistanyň hem-de tutuş sebitiň çäginde ara alyp maslahatlaşarys» diýip, Holiça belledi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.