Energetika meselesi Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň üns merkezinde boldy

12:17 02.10.2025 2580

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15172/original-168dd1d638ab12.png

29–30-njy sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretary Boglarka Illeş ýolbaşçylyk etdi.

Saparyň maksatnamasyna diňe bir toparyň plenar mejlisi däl, eýsem, öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan aýratyn duşuşyklar hem girizildi.

Gepleşikler, esasan, strategik taýdan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň amaly ädimlerine gönükdirildi. Şunda energetika pudagyna aýratyn üns berildi: wenger wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserni we Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen duşuşyklary geçirdiler.

Mejlise MVM Group Co. Ltd energetika holdinginiň baş direktorynyň gatnaşmagy energetika bilen baglanyşykly meseleleriň we geljekki taslamalaryň maksadalaýyk ara alnyp maslahatlaşylýandygyny görkezdi. Ýewropa Bileleşiginiň agzasy hökmünde Wengriýa Türkmenistany energiýa çeşmeleriniň üpjünçiligi we diwersifikasiýasy babatda möhüm hyzmatdaş hökmünde görýär.

Taraplar hökümetara «Maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda» ylalaşygyň tiz wagtda gol çekilmeginiň zerurdygyny belläp geçdiler. Bu resminama Wengriýanyň maýa goýumlarynyň Türkmenistana gelmeginde we işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmeginde hukuk binýadyny döreder.

Wengriýa öz gezeginde ÝB döwletleriniň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde özüni bir «geçelge» hökmünde görkezmäge taýýardygyny tassyklady. Wekiliň düzüminde oba hojalygy, milli ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Wengriýanyň Eksporty ösdürmek agentliginiň (HEPA) wekilleri boldy.

Toparyň mejlisinde oba hojalygy, azyk senagaty, suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ýaly beýleki hyzmatdaşlyk ugurlary hem maslahatlaşyldy.

Wenger wekiliýeti saparynyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi.

Mejlisiň jemleri boýunça beýannama gol çekildi. Toparyň indiki — ýedinji mejlisini Budapeştde geçirmek ylalaşyldy.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.