Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmeklige ynam bildirdi
13:35 01.10.2025 9195
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH 1-nji oktýabrda habar berdi.
Döwlet Baştutany Hytaýyň soňky ýyllarda ykdysady ösüşde we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda ýeten sepgitlerine ünsi çekip, dostlukly ýurtda hytaý döwrebaplaşmasyny ilerletmek boýunça özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.
“Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde birek-birege özara goldaw berýärler, her ýyl söwda dolanyşygy artýar, medeni alyşmalar höweslendirilýär” diýlip, hatda bellenilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Týanszin şäherinde geçirilen ŞHG-niň sammitiniň işine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Pekinde Si Szinpin bilen hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, bu saparyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze itergi berjekdigine, şeýle hem dostluk, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, Hytaýyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.