Elektromobiller ekologiýa goragynda
12:53 29.09.2025 1761
Elektromobil önümçiligi ekologiýa goragynda möhüm ädim. Bu Arkadag şäheriniň mysalynda hem aýdyň görünýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlup, birinji tapgyry 2023-nji ýylda ulanmaga berlen Arkadag şäheri sebitde «akylly» şähergurluşygynyň kadalaryna doly laýyk gelýän we ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwrüldi. Şäheriň gurluşygynda möhüm ekologik talaplara, ýagny Köpetdagyň etegindäki tebigy gözelligi saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanmaga aýratyn üns berildi. Şäherde zir-zibil galyndylary hem täze tehnologiýalaryň esasynda öz wagtynda ýygnalyp, arassaçylyk düzgünleri berjaý edilýär. Şäheri dürli saýaly we pürli baglar we bezeg gülleri bezeýär, agaçlar damjalaýyn suwaryş ulgamy esasynda suwarylýar. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänama hem täze şäheriň gurluşygyna ýokary baha berlendigini görkezýär.
Arkadag şäheriniň ekologik artykmaçlyklarynyň iň esaslarynyň ýene biri-de, bu ýerde esasy ulaglar hökmünde elektrobuslardyr, elektromobilleriň hereket etmegidir. Häzirki wagtda bu nusgalyk şäherde JAC MOTORS kompaniýasynyň kuwwatlylygy 60 kw bolan «JAC E-J7» elektrik ulaglary hereket edýär. Bu ulaglar häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Aýratyn bellemeli zat bolsa, bu elektroulaglaryň elektrik togy arkaly kuwwatlandyrylyp, olaryň howa, saglyga zyýanly ýangyç tüssesini goýbermeýändigidir. Şundan hem görnüşi ýaly, häzirki wagtda tutuş dünýäde ýörgünliligini artdyrýan elektromobil önümçiligi ekologiýa abadançylygyny goramakda möhüm ädim boldy diýip, ynamly aýdyp bolar. Hakykatdan-da, soňky onýyllykda elektromobiller ekologiýa goragy üçin ygtybarly serişdä öwrüldi. Ýangyç bilen hereket edýän ulaglaryň howa goýberýän zyýanly zyňyndylaryny göz öňünde tutanyňda, dünýä boýunça elektromobillere bolan islegiň artýandygynyň sebäbine düşünmek kyn däl. Eger 2020-nji ýylda elektromobilleriň soragy 11 million bolan bolsa, munuň 2020-nji ýyla çenli 145 milliona ýetmegine garaşylýar. Häzirki wagtda «Jaguar», «Audi», «CM» we «Mercedes» ýaly dünýä belli ulag öndüriji kompaniýalaryň aglabasy ýakyn 5 — 10 ýylyň dowamynda elektromobil önümçiligine geçmegi meýilleşdirýärler. Elektromobil önümçiligine geçmek ýa-da ulanyjylar tarapyndan onuň durmuşdaky ornuny pugtalandyrmak haýsydyr bir ýoň bolan täzeçillige eýermek däl-de, tebigatyň, has takygy, ekologiýanyň goragynyň tarapdary bolmakdyr. Geliň, sözümiz gury bolmaz ýaly, elektromobilleriň artykmaç taraplaryny takyk deliller arkaly seljereliň.
Elektromobiller ýangyç bilen hereket edýän ulaglara garanyňda, howa parnik gazlaryny örän az mukdarda goýberýärler. Bu ulaglaryň tüsseçykarlardan hiç hili tüsse çykarmaýandygynyň özü-de ilatly ýerleriň, aýratyn-da, şäher ýerleriň howasynyň hapalanmazlygy üçin örän oňat mümkinçilikdir. Howanyň zyýanly galyndylaryndan halas bolmagy bolsa, elbetde, ilkinji nobatda, ynsan saglygyna bahasyna ýetip bolmajak derejede oňyn täsirini ýetirýär.
Energiýany netijeli ulanmakda hem elektromobiller öz mynasyp ornuna eýedir. Olaryň ulgamdaky elektrik energiýasynyň esasy bölegini tigirleriniň işjeň hereket etmegi üçin ulanmaklary energiýany tygşytly mukdarda sarp etmäge, şeýle-de öz işleriniň netijesini artdyrmaga ýardam edýär. Elektromobilleri Gün ýa-da ýel arkaly alynýan energiýa bilen kuwwatlandyrmagyň mümkindigini olary ulanmaga has-da oňaýly görkezýär. Elektromobilleriň artykmaçlyklary olaryň kuwwatlandyryjylary bilen berk baglydyr. Häzirki wagtda bu ulaglaryň litiý-ion kuwwatlandyryjylaryny ekologiýa üçin has zyýansyz bolan görnüşe geçirmegiň üstünde işlenilýär.
Haçan-da elektromobiller gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden kuwwatlandyrylan mahaly olaryň ekologiýa durnuklylygyna bolan peýdasy has-da aýdyň görünýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Arkadag şäherinde elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň hereket etmegi şäher ilatynyň saglygyna ýakymly täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçin hem Arkadag şäheriniň ady uly buýsanç bilen «sagdynlygyň şäheri», «ekologiýa taýdan arassa şäher» diýip tutulmagy-da doly mynasypdyr.
Hadyja HOSROWI,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG agza döwletler bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitledi
Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksportyndan girdejisi 191 mln dollardan geçdi
2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksporty 191,8 million dollara barabar boldy, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 186,2% artykdyr. Bu barada Trend agentligi Gruziýanyň Milli statistika müdirligine salgylanyp habar berýär.
Türkiýä, Russiýa we Özbegistana 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügi eksport edildi
«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügini eksport etdi. Hususan-da, kompaniýa bu önümi Türkiýä, Russiýa we Özbegistana iberdi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.
Demokratiýanyň milli nusgasy dabaralanýar
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy’’ atly maslahat geçirildi.