Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy bellenilip geçildi

15:39 29.09.2025 6004

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15155/original-168da2c1f34c05.jpg

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň bellenilýän gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna, şeýle hem Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada geçirilen baýramçylyk ýörişine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyryldy.  Däp bolşy ýaly, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açdy. Olar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden geçdiler.

Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary, zenan harby gullukçylar, gulluk edýän serkerdeler batalýony geçdi. Şolaryň hatarynda Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabaranyň barşynda Gelşikliniň ugruna degişli bolan Gurthatar we Yşgyn diýen atlaryň neslinden bolan 2022-nji ýylda doglan Zaman atly akýal mele reňkli ajaýyp bedew Hökümet agzalarynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.

Soňra ýurdumyzyň pudaklarynyň bezelen awtoulag platformalary, raýat toparlary Döwlet münberiniň öňünden geçdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralar agşam “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Baýramçylyk feýerwerki Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaralaryň özboluşly jemlenmesine öwrülip, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Ýekşenbe güni, 28-nji sentýabrda baýramçylyk dabaralary döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralan dabaralar bilen dowam etdi.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.