Türkmenistanyň we Awstriýanyň Prezidentleri söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdylar
19:51 25.09.2025 2425
24-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Awstriýa Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Awstriýanyň kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazaryna ulag tehnikalary, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz pudaklary üçin öňdebaryjy enjamlary getirýärler.
Iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow geljekde hem toparyň döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň arasynda utgaşdyryjy hökmünde işjeň çykyş etmeginiň goldanyljakdygyny nygtady.
Iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenildi. Häzirki wagtda Türkmenistan we Awstriýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Türkmenistanyň we Awstriýanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelmegi bolsa halkara derejede özara hereketleri utgaşdyrmaga esas bolup hyzmat edýär.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini we bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini belledi hem-de Prezident Aleksandr Wan der Belleni şanly sene mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylyga möhüm goşant goşýandygyny we halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.