Türkmenistan Awazadaky maslahatyň esasy çözgütleriniň ilerledilmegi üçin BMG-niň meýdançasyny ulanmaga taýýar - DIM
21:37 23.09.2025 3729
Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan çözgütleri we başlangyçlary ilerletmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň maýdançasyndan işjeň peýdalanmaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.
Bu barada ministr 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen duşuşygynda beýan etdi.
Söhbetdeşler 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgustynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilmeginiň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky işjeň ornunyň hem-de ählumumy wezipeleri çözmekde ähmiýetli goşandynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar.
Taraplar LLDC3-iň esasy jemleýji resminamalarynyň – Awaza syýasy Jarnamasynyň we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amalyýetde durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy bu ugurlarda bilelikdäki işiň ähmiýetini belläp, olary durmuşa geçirmek boýunça garaýyşlary we ileri tutulýan çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ynanyşmagy berkitmäge, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we durnukly ösüşiň ählumumy gün tertibini ilerletmäge ýardam bermek arkaly BMG-niň ulgamyndaky bilelikdäki işleri giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.