Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-a geldi

21:15 22.09.2025 3226

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15082/original-168d0f8e0f1e5f.jpg

21-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geldi. Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar diýip, TDH habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Geçen 33 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biziň ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy we ählumumy meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmak bilen, köptaraplaýyn ulgamyň möhüm gatnaşyjylarynyň birine öwrüldi.

Birleşen Milletler Guramasy häzirki zaman türkmen döwletiniň taryhynda aýratyn orun tutýar. Çünki Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bu guramanyň agza döwletleri tarapyndan üç gezek biragyzdan ykrar edildi.

BMG-niň esasy alty edarasynyň biri bolan Baş Assambleýa onuň iň iri wekilçilikli düzümidir. Baş Assambleýa her ýyl nobatdaky sessiýasyna sentýabr aýynyň üçünji hepdesinde ýygnanýar we ol bir ýylyň dowamynda hereket edýär. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna gabat gelýän ýubileý sessiýa «Bilelikde işlemek: parahatçylygyň, ösüşiň, adam hukuklarynyň we öňe barýan ýoluň bähbidine bilelikdäki işiň 80 ýyllygy» mowzugynda geçýär. Däp bolşy ýaly, 23 — 30-njy sentýabr aralygynda guramanyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda ýokary derejeli mejlis hem-de umumy çekişmeler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, taryhy söz sözlemegi ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklan möhüm ädim bolupdy. Şu ýyl hem döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýubileý sessiýada çykyş edip, Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirer. Iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş sekretary we käbir ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.