Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025 geçirildi

09:53 20.09.2025 3097

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15061/original-168ccff3d346ba.jpg

18-19-njy sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025 geçirildi diýip, TDH habar berýär. Forumyň esasy maksady ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, göni maýa goýumlary çekmek we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Awazada döwlet edaralarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, iri kompaniýalaryň we korporasiýalaryň wekilleri, öňdebaryjy bilermenler duşuşdy. Iki günläp dowam  dowam eden forum Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Maliýe hem-de ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guraldy. Onuň dowamynda gatnaşyjylar ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady özgertmeler we gazanylan üstünlikler bilen tanyşmaga, şeýle hem türkmen hyzmatdaşlary bilen maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.

Forumyň açylyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlag ýüzlenmesi okaldy. Döwlet Baştutany bu forumyň ýurduň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmekde, täze önümçilikleri döretmekde we hereket edýän kärhanalaryň mümkinçiliklerini giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Forumyň birinji gününiň esasy mowzuklarynyň biri «Durnukly we ygtybarly energetika üpjünçiligi – Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ösüşi» atly mowzuklaýyn mejlis boldy.

Çykyş edenler Türkmenistanyň ygtybarly energiýa üpjün ediji hökmünde uly mümkinçiliklere eýedigini nygtadylar. «Dragon Oil» we «PETRONAS» kompaniýalarynyň wekilleri ýurdumyzyň maýa goýum taslamalary üçin amatly şertleri hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin häsiýete eýedigini belläp geçdiler.

Maslahatda nebitgaz pudagynyň ösüş strategiýalary, çig mal binýadyny giňeltmek we önümçilik infrastrukturasy kämilleşdirmek boýunça çykyşlar boldy. Türkmenistanda uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyndan başga-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegi boýunça mümkinçilikleriň öwrenilýändigi bellenildi. Ýurdumyz Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň gurluşygy boýunça taslamalara aýratyn üns berýär, bu bolsa energetika ulgamynyň diwersifikasiýasyna ýardam eder.

Forumda TOPH gaz geçirijisi ýaly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleýin energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bu taslama gatnaşyjy ýurtlaryň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder.

Şeýle hem çärede diňe çig mal eksportyny däl-de, eýsem uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemek ugruny ösdürmegiň wajypdygy aýratyn bellenildi. Gazhimiýa toplumlarynyň we polimer önümçilik zawodlarynyň gurluşygy boýunça taslamalar görkezildi. Şeýle çemeleşme Türkmenistana taýýarlanan önümleriň eksportyny ösdürmäge, dünýä bazarlarynda ornuny pugtalandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, degişli pudaklary ösdürmäge we tehnologik ösüşi öňe sürmäge mümkinçilik berer.

Halkara bilermenleri ýurduň maýa goýum klimatyny ösdürmek boýunça alyp barýan netijeli işlerini belläp, daşary ýurtly maýadarlara amatly şertleriň döredilýändigini nygtadylar. Salgyt ýeňillikleri, döwlet kepillikleri we proseduralaryň ýeňilleşdirilmegi Türkmenistany has-da özüne çekiji maýa goýum merkezi edýär.

Halkara maliýe guramalarynyň wekilleri senagat pudagyndaky taslamalara ýeňillikli maliýeleşdiriş hem-de hünärmen goldawy bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanyň maýa goýum forumy 19-njy sentýabrda öz işini tamamlady.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.