Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy halkara çärelere gatnaşmak üçin Katara bardy

22:00 16.09.2025 2474

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15014/original-168c90bd37e682.jpg

14–15 sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin Dohada sapar bilen bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

Duşuşykda R.Meredow katar tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Arap-yslam ýurtlarynyň adatdan daşary sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri Marýam bin Ali bin Naser Al-Misnadyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň gerimi, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy dialogy berkitmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.

Sebitdäki häzirki ýagdaýlara aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Katarda bolup geçen wakalar bilen baglylykda resmi garaýşyny beýan edip, halkara meselelerini çözmekde güýji ulanmagyň kabul ederliksizdigini, onuň BMG-niň Tertipnamasynyň hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine ters gelýändigini nygtady.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.