«Ýaşyl» energiýa — ýylylygyň çeşmesi

09:10 16.09.2025 2103

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15003/original-168c84522af122.jpg

«Ýaşyl» energiýa kömür, nebit ýa-da gaz ýaly fossil ýangyçlara garanyňda, howanyň hapalanmasyny ep-esli azaldýar we klimatyň üýtgemegine garşy göreşde, şeýle hem ykdysadyýeti durnukly ösdürmekde möhüm rol oýnaýar. «Ýaşyl» energiýanyň esasy Gün, ýel, geotermal, gidroenergiýa, biomassa energiýalary ýaly görnüşleri bolup, olaryň biziň ýurdumyzda girizilmegi we amala aşyrylmagy üçin ähli çeşmeler hem-de şertler bar. Esasanam, Gün we ýel energiýasy babatda uly işleri amala aşyryp bolýar. Sebäbi Türkmenistan Gün şöhlesine baý ýurtlaryň biridir.

Ýurduň käbir sebitlerinde (esasan, Garagumuň günbatar böleklerinde we Hazarýaka zolagynda) ýel akymlary energiýa almak üçin amatlydyr. Mysal üçin, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Balkanabat, Gumdag, Gyzylarbat şäherleriniň aralygynda her gün diýen ýaly öwüsýän ýele köp duş gelmek bolýar. Munuň özi şol ýerlerde orta akymly, tizlikli ýel degirmenlerini gurmaga, ondan energiýa almaga mümkinçilik döredýär.

Şeýle hem häzirki wagtda daşary ýurtlarda agaç ýonutgasyndan solýarka (dizel ýangyjyny) öndürmek, ony hojalykda ýangyç hökmünde giňden ulanmak ýaly usullar tapyldy. Ýangyç öndürmegiň bu usulyny ilkinji oýlap tapan ýurt Germaniýa döwleti hasaplanýar. Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, biziň tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallaryny ekmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Ekilýän arça nahallarynyň möçberi ýyl-ýyldan artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, biz hem geljekde bu usullary girizmek bilen olary ýangyç hökmünde ulanyp bileris.

Nebitgaz toplumy senagat önümçiliginde ykdysady taýdan peýdaly we ähmiýetli ýokary paýa eýedir. Pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen ekologiýa taýdan howpsuz, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan, möhüm ähmiýetli önümçilik desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem sanly tehnologiýalaryň ösdürilýän asyrynda oňyn dünýä tejribesine esaslanyp, «akylly» guýularyň we «sanly» ýataklaryň döredilýändigini bellemek gerek. Soňky wagtlarda giňden ulanylýan bu adalgalaryň mazmuny nebiti we gazy gazyp almak boýunça amallary awtomatik esasda dolandyrmakda, önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagynda jemlenýär. Şunda esasy maksat gazylyp alynýan gazyň mukdaryny artdyrmaga we çykdajylary peseltmäge gönükdirilendir. «Akylly» guýular we «sanly» ýataklar özleşdirilende innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy guýular, ýataklar we olaryň daşky gurşawa täsiri baradaky maglumatlaryň we seljermeleriň netijesinde olaryň netijeliligini görmek bolýar. Bu bolsa, bilermenleriň çaklamalaryna görä, ýataklary ulanmak boýunça harajatlaryň 20 göterim peselmegini üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyndaky çykyşynda 2030 — 2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi. Esasanam, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň howa babatdaky meselesi, Hazar deňzini gorap saklamak we Araly halas etmek ýaly meselä uly ähmiýet berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ekologiýa meselesine uly üns berýär we bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen namalara laýyklykda, berk işleşmegi meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň uzak obalarynda, hususy hojalyklarda, çopanlaryň ýaşaýyş nokatlarynda suwuň, gazyň, toguň ýok ýerlerinde Gün panelleri giňden ulanylyp başlandy. Bu paneller suw nasoslaryny işletmek, öýleri ýagtylandyrmak we elektrik enjamlaryny üpjün etmek üçin peýdalanylýar. Ýöne häzirki wagt bu paneller daşary ýurtlardan import edilýär. Gün panelleriň köp bölegi Hytaýda, Tailandda, Malaýziýada, Wýetnamda, Kambojada we beýleki ýurtlarda öndürilýär. Biziň ýurdumyzda hem bu panelleri öndürmegiň usullaryny kämilleşdirmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak, maýadarlary çekmek arkaly bu meseläni çözmäge mümkinçilik bar.

Ýakynda dabaraly açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy Gün, ýel energiýasy, bioenergetika, innowasion akkumulýasiýa tehnologiýalary, robot tehnikasy we emeli aň ýaly ylmyň ugurlary boýunça kämilleşmäge ähli şertler bilen üpjün edildi. Bu binanyň esasy aýratynlyklarynyň biri ýagyş suwuny ýörite niýetlenen howuzlara ýygnap, degişli meýdançanyň çägindäki baglary suwarmak üçin ulanylýanlygydyr. Binanyň üçeginde kuwwaty 132 kWt-a deň bolan Gün panelleri oturdylyp, ol ýerde Gün energiýasy elektrik energiýasyna öwrülip, täze binanyň yşyklandyrylyşyna sarp edilýär. Şeýle hem aýlawly ýoluň ugrundaky monumentde kuwwaty 30 kWt-a deň bolan ýel elektrik stansiýasy ornaşdyrylyp, onuň öndürýän energiýasy monumentiň töwereginde ýerleşdirilen yşyklandyrylyş ulgam üçin sarp edilýär. «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň bolmagy ýurdumyzda «ýaşyl» energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy esasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetiniň hem-de Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilip, geljekde energetika babatynda halkara ylmy guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklary tassyklandy.

Ýokarda agzalýan çäreleriň amala aşyrylmagy, geljekde eziz Diýarymyzyň has-da ösmegine, özgermegine, ekologiýanyň, howanyň arassa, tebigatyň gözel bolmagyna, nebit we gaz gorlarynyň tygşytlanmagyna getirer.

Mähri MÄMMEDOWA,
«Türkmengaz» DK-nyň baş hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

Başga makalalar
161c026f9c56be.jpeg
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


16875dd247d8fc.jpg
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan we Özbegistandan işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


161c0280bb6138.jpeg
Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer goldaw bermäge çagyrdy — DIM

Türkmen tarapy dünýä jemgyýetçiligini, ilkinji nobatda bolsa, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletlerini owgan halkyna goldaw bermäge çagyrdy. Bu barada Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde geçirilen «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde beýan edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161c0279b6b81c.jpeg
Türkmenistanyň, Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

18-20-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparynyň çäklerinde energetika ulgamynda, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.


16426a68227fa0.jpeg
Balkan welaýatynda Güýjik meýdançasynda täze guýy burawlanylýar

Balkan welaýatynda Güýjik meýdançasynda taslama çuňlugy 2 müň 60 metr bolan № 148 ulanyş guýusynda buraw işleri alnyp barylýar.