Has çuň gatlaklara aralaşyp
09:15 09.09.2025 14642
Hormatly Prezidentimiz geçen aýyň 29-ynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýy boýunça alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy aýratyn tabşyrdy. Bu möhüm tabşyrykdan ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky buraw işleri müdirliklerinde ajaýyp önümçilik görkezijilerine eýe bolunýar. Muňa tutuş konsern boýunça şu ýylyň geçen sekiz aýynda burawlanan dag jynslarynyň 110 müň 479 metre barabar bolmagy-da doly güwä geçýär. Bu döwürde önümli guýularyň 22-siniň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy.
Has takygy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit-gaz çykaryş müdirlikleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen sekiz aýynda 2 million 676 müň 934 tonnadan gowrak «gara altynyň» we 3 milliard 108 million 925 kub metre barabar «mawy ýangyjyň» alynmagynda burawlaýjylaryň mynasyp goşantlary bar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz toplumy barasynda edýän yzygiderli aladasy netijesinde häzirki zaman önümçiliginiň iň bir kuwwatly buraw desgalaryna eýe bolup, has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy başarýan balkanly burawlaýjylaryň şanly ýylymyzyň başyndan bäri gazuw işlerini tamamlan guýularynyň 19-synyň ulanyş maksatly guýulardygyny aýratyn nygtamak gerek. Häzirki wagtda nebitdir gazly bu guýulary senagat taýdan özleşdirmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylyklaryna mynasyp sowgatly barmak maksady bilen şu günler has çuň gatlaklara ynamly aralaşýarlar.
Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW
Ümzükleri ileri, maksatlary aýdyň
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Dürli derejeli işçi-hünärmenleriň bir ýüz otuza golaýynyň agzybirlik bilen işleýän zähmet köpçüliginde her bir işde halypa gazçylaryň göreldesine eýerilýändigini, ýaş hünärmenleriň öz hünär ussatlyklaryny artdyrmaklarynda baý iş tejribesine eýe bolan işgärleriň möhüm ornunyň bardygyny edaranyň ýolbaşçylary buýsanç bilen gürrüň berýärler.
Guwandyryjy görkezijiler, aýdyň maksatlar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde şu ýylyň 9 aýyny netijeli jemlediler.
«Galkynyş» gaz känindäki guýudan senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 271-nji belgili ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 665 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4518 — 4333 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi 105 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde tebigy gazyň ýokary basyşly, senagat ähmiýetli akymy alyndy.
Ynamly gadamlar bilen
«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki iň baýry kärhanalaryň biri bolan «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Nebitdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň «gara altyn» ussatlary Garaşsyz Diýarymyzyň esasy ýerasty baýlyklarynyň biri bolan uglewodorod
Türkmenistan we Eýran nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýärler
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30 — 31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda geçiren gepleşikleriniň temalarynyň biri nebitgaz ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada boldy.