Türkmenistanyň Prezidenti JBIC bankynyň wekili bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

13:15 08.09.2025 3185

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14945/original-168be8ef04a520.jpg

5-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny, şu nukdaýnazardan, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda ýapon tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky bilen indi köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny we birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtamak gerek.

Kadzuhiko Amakawa Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat pudagyndaky özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde işewürlik üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini aýdyp, wekilçilik edýän bankynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak, deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejedäki yzygiderli saparlar hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Saparyň dowamynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi we möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.