Türkmenistanyň ilçisi Italiýanyň DIM-nde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ädimleri maslahatlaşdy

16:33 05.09.2025 2548

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14934/original-168b98812dbb93.jpg

Italiýayň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi T.Kömekowyň Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary E.Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň barşynda halkara guramalarynyň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ylmy-medeni ugurlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, hususan-da pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek we medeni çäreleri guramak boýunça geljekki ädimlere seredilip geçildi.

Rimiň Kapitoliý muzeýinde Gadymy Merwiň we Nusaýyň çäklerinde tapylan özboluşly artefaktlaryň, şol sanda bilelikdki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalary mahalynda tapylan gymmatly tapyndylaryň sergisini gurnamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa saparyny guramak meselelerine seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Italiýanyň halklaryna parahatçylyk we gülläp-ösüş arzuw etdiler hem-de geljekde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygy barada nygtadylar.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.