Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňzindäki ýatagy bilelikde özleşdirmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
00:33 25.01.2021 8606
Penşenbe güni, 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Hazar deňzi boýunça özara hereket etmegiň türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugruny emele getirýändigi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň awgustynda gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Bu resminama Hazar deňzinde köptaraplaýyn özara hereketleriň we şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başynyň başlanmagynyň netijesi boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň awgustynda Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek zerurdyr. Bu resminama iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň has hem ilerledilmegine itergi berdi.
Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramow hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri esasynda, daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: «Bu resminama biziň ýurtlarymyz tarapyndan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna, iki sany iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçilikleriniň giňden açylmagyna, Hazar deňzinde durnukly energetikanyň ösdürilmegi üçin iň oňyn şertleriň döredilmegine, giň gerimli we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan ähmiýetli işleriň netijesi boldy», diýip belläp geçdi.
Prezidentler iki döwletiň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli resminama gol çekilmegi mynasybetli birek-biregi gutladylar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzindäki bu uglewodorod käniniň «Dostluk» diýlip atlandyrylmagynyň bilelikdäki çözgüt bolup durýandygyny belledi. Bu söz türkmen we azerbaýjan dillerinden terjime edilende – dostluk diýmegi aňladýar.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.