Moskwada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

16:57 30.08.2025 2100

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14880/original-168b14e972555c.jpg

28-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Gatnaşyjylar ýokary we iň ýokary derejeleräki gatnaşyklaryň aýratyn ornuna ünsi çekip, bu duşuşyklaryň uzak möhletleýin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy babatynda ylalaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça konstruktiw dialog geçirildi, hususan-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler we baha berdiler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirilişiniň barşyna garadylar hem-de geljek üçin bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda umumy ygrarlylyk beýan edildi. Ministrler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň işiniň durnukly we uzak möhletli döwletara dialog üçin täsirli mehanizm bolup hyzmat edýändigini bellediler. Onuň çäginde anyk meýilnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär.

Taraplaryň özara pikirine görä, ylym, bilim, medeniýet we sungat ugurlary dostlukly türkmen we rus halklaryny birleşdirmegiň täsirli guralyna öwrüldi.

Duşuşygyň barşynda halkara guramalaryň çägindäki bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bellenildi. BMG, GDA, Hazarýaka ýurtlary we «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň çäklerindäki türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti nygtaldy.

Hazar sebitinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Hazar deňziniň meseleleriniň sebit çäklerinden çykandygy we ilkinji nobatda BMG-niň derejesinde giňişleýin halkara çemeleşmäni talap edýändigi bellenildi.

Diplomatlar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara taýýarlyklaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ministrler KHBS wekilleri üçin ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.