Energetika we ulag Awazadaky üçtaraplaýyn sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi
20:20 23.08.2025 3035
22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmäge üns berildi.
Azerbaýjanyň ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Prezident Ilham Aliýew degişli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri açýar.
“Soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin üç döwlet tarapyndan uly tagallalar edildi. Biz esasy ulgamlarda — syýasatda, energetikada, ulagda, söwdada, senagatda, maýa goýumlarda, täze tehnologiýalarda, sanlylaşdyrmakda, medeniýetde, ylymda we bilimde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm çäreleri görýäris. Bu bolsa öz oňyn netijesini berýär” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde elektrik energiýasynyň eksportynyň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ulgamda Özbegistan bilen ýola goýlan gatnaşyklarda oňyn tejribe toplanandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan her ýyl Özbegistana elektrik energiýasynyň köp möçberini iberýär.
Milli Liderimiz geljekde türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermek mümkinçiliginiň bardygyny belläp, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we onuň çägi arkaly Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistandan Azerbaýjana we Özbegistana tebigy gazy ibermek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň wajypdygy nygtaldy.
“Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamy aýratyn ähmiýetli orny eýeleýär. Ykdysadyýetiň bu ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ösmegi üçin strategik ähmiýete eýedir” diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler. Resminamada üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge, sebit we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat etjekdigi baradaky pikir beýan edilýär.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.