Türkmenistan we ABŞ ikitaraplaýyn we «С5+1» sebit platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär - DIM

10:28 22.08.2025 2580

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14821/original-168a6e4aad5627.jpg

20-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Geňeşmeleriň dowamynda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem «C5 + 1» sebitleýin diplomatik platformasynyň çäginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.

Amerikanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek meselelerine hem garaldy we Türkmenistanda olaryň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin täsirli mehanizm hökmünde çykyş edýändigini bellediler.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.