Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy
10:27 22.08.2025 2197
20-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara meselelere garaldy.
Taraplar ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalarynda bilelikdäki işiň çäginde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň daşary syýasat edarlarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, täsirli mehanizmleriň biri hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler çykyş edýär.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy bellediler. Onuň esasy şertleriniň hatarynda maýa goýum we tehnologiki ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň bolmalydygyny nygtadylar. Öňdebaryjy amerikan kompaniýalaryny öz içine alýan Türkmen-amerikan işewürler geňeşi ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilim, ylym, medeniýet we beýleki möhüm ähmiýetli ugurlarda bilelikdäki işiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ygrarlylyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň daşary işler ministri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary türkmen-amerikan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.