«Gazprom» 2020-nji ýylda Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberlerini artdyrdy
09:49 20.01.2021 9970
2020-nji ýylyň 9 aýynda «Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 mlrd kub metre çenli artdyrdy. Muňa konserniň ýewrobondlarynyň ähtnamasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip Interfaks habar berýär.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň 3 çärýeginde «Gazprom» Gazagystandan satyn alýan tebigy gaz möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2 mlrd kub metrden 5,1 mlrd kub metre çenli azaltdy.
2020-nji ýylyň başyndan bäri «Gazprom» Özbegistandan tebigy gazy asla satyn almady diýen ýaly. 2020-nji ýylyň 6 aýynda kompaniýa Özbegistandan asla gaz satyn almady, 2020-nji ýylyň 9 aýynda bolsa, 20 mln kub metr özbek gazyny satyn aldy. Belläp geçsek, 2019-njy ýylda «Gazprom» Özbegistandan 7,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy.
Mundan öň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gazyň eksportyny azaldyp, ony ilkinji nobatda, içki sarp edijileriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirmegi tabşyrdy. 2020-nji ýylyň tomsunda Mirziýoýewiň habar berşi ýaly, Özbegistan COVID-19 pandemiýasy zerarly Russiýa gazyň eksportyny bes etdi, Hytaýa ibermelerini bolsa 3 esse azaltdy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.