“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” ýubileý maslahatyna we sergisine taýýarlyk ýokary depginde barýar
09:43 16.08.2025 4806
22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT 2025) 30-njy halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Forumuň guramaçylary bolup «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Energy Forum» bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Guramaçylaryň bellemegine görä, möhüm tapgyr eýýäm üstünlikli ýerine ýetirildi: OGT Expo-nyň ähli sergi meýdançalary doly sargyt edildi. Bu bolsa, Türkmenistanyň uglewodorodlar we arassa energiýa boýunça Ýewraziýadaky strategik merkez hökmünde ähmiýetiniň artýandygyny görkezýär.
Her ýyl OGT maslahatynyň çäklerinde geçirilýän sergi Merkezi Aziýadaky energetika ulgamynyň öňdebaryjy çäreleriniň birine öwrüldi. Ol dünýäniň bu pudakdaky öňdebaryjy liderlerini, tehnologiya üpjün edijilerini we hökümet wekillerini tejribe alyşmaga, innowasiýalary görkezmäge hem-de uzakmöhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga birleşdirýär.
2024-nji ýylda bu sergä dünýäniň 50 ýurdundan, şol sanda iri energetika kompaniýalaryndan we enjamlary öndürijilerden 10 müňden gowrak adam gatnaşdy. 2025-nji ýylyň sergisiniň öňki rekordlary hem geçip, has giň halkara mümkinçilikleri açmagyna, maýa goýumlary, innowasiýalar we hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri üpjün etmegine garaşylýar.
Üç günlük maslahat maksatnamasy 22-nji oktýabrda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ählumumy energetikanyň geljegini emele getirmek: innowasiýalar, energetiki geçiş we strategik hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli plenar mejlis bilen açylar.
Bu mejlisde ýokary wezipeli döwlet işgärleri, milli we halkara energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenler çykyş ederler. Olar Türkmenistanyň energetika pudagynyň sebitleýin durnuklylygy üpjün etmäge, durnukly ösüşe ýardam bermäge hem-de dünýä energetika geçişini ilerletmäge goşýan möhüm goşandyny ara alyp maslahatlaşarlar.
Maslahatyň ikinji we üçünji günleri infrastrukturany giňeltmek, «Galkynyş» känini ösdürmek, innowasion taslamalaryň maliýeleşdirilişi, nebit-himiýa senagatyny ösdürmek, metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de durnukly energetika başlangyçlaryny çaltlandyrmak ýaly ileri tutulýan meseleler boýunça ýerine ýetiriji sessiýalar we tematik panel çäreleri geçiriler. Bu duşuşyklar maýa goýujylara, tehnologiýa üpjün edijilerine we Türkmenistanyň hem-de Ýewraziýanyň energetika geljegini şekillendirýän syýasatçylara möhüm maglumatlary berer.
Maslahata bolan gyzyklanma taryhy derejesine ýetdi — döwlet edaralarynyň wekillerini, öňdebaryjy energetika kompaniýalaryny, maýa goýujylary we pudak hünärmenlerini öz içine alýan 100-den gowrak halkara wekiliýetleri gatnaşjakdygyny tassyklady. Şeýle ýokary derejeli irki hasaba alyş bolsa, halkara jemgyýetçiliginiň OGT 2025-i ara alyp maslahatlaşmak we taslamalary taýýarlamak boýunça möhüm forum hökmünde, şeýle hem dünýä energetikasynyň işewür gatnaşyklary üçin iň täsirli meýdançalaryň biri hökmünde görülýändigini görkezýär.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.