Awazada «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

16:35 13.08.2025 2763

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14764/original-1689c36c96acc8.jpg

11-12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Irden, 12-nji awgustda Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanowyň alyp barmagynda «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyşy dabarasy geçirildi.

Maslahatyň açylyşy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenmesi bilen dabaralandyryldy.

Çärä Türkmenistanyň ygtyýarly wekilleri, Aşgabatda akkreditlenen Hazarýaka döwletleriniň Ilçileri, BMG, ÝHHG, ÝB ýaly halkara we sebit guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar.

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak meselelerini, hususan-da Hazar deňziniň suw hem-de biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak barada Ylalaşygy ilerletmekde Türkmenistanyň işjeň we konstruktiw ornuny belläp geçdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren Hazar ekologik başlangyjynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri, halkara düzümler we guramalar, şeýle hem Hazar deňzi bilen bagly meseleleriň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlylygy bellenildi.

Maslahatda gidrometeorologiýa, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hem-de ylmy taýdan öwrenmek, şeýle hem ekologiki kadalary we düzgünleri berjaý etmek ýaly ulgamlarda Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hasabatlar diňlenildi.

Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň dostluk we parahatçylyk deňzidigini bellediler hem-de Hazaryň deňiz gurşawyny durnukly ösdürmek we goramak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýän bilelikdäki işleri dowam etdirmäge çagyrdylar.

Maslahatyň jemleýji bölüminde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.