Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
18:26 11.08.2025 2599
10-njy awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Prezidenti Milli Liderimiziň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Ilham Aliýewiň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan netijeleriň we gol çekilen resminamalaryň ähmiýeti nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň Baştutanyny we azerbaýjan halkyny bu taryhy ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady.
Prezident Ilham Aliýew ýakynda Awazada guralan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, Azerbaýjanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu forumyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny aýtdy hem-de Azerbaýjanyň wekiliýetiniň maslahata ýokary derejede gatnaşandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Awazada Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. Söhbetdeşler üç ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň toplumy boýunça giňeltmek, hususan-da, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Awaza” kongresler merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda şu ýylyň güýzünde Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bagly meselelere seredildi. Duşuşykda Milli Liderimiziň hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürüldi.
Şeýle hem söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar.
Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.