Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi – halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim

14:19 10.08.2025 2958

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14732/original-16896f3cfa64c3.jpg

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji mejlisinde Awaza syýasy Jarnamasy biragyzdan kabul edildi. Ol 2024-2034-nji ýyllar üçin durnukly hem inklýuziw ösüşe gönükdirilendir dirip, Türkmenistan HHP habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň syýasy erk, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, umumy jogapkärçilik arkaly özleriniň geografik päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge we sebit hem-de ählumumy ösüşiň hereketlendiriji güýji bolmaga ukyplydyklaryny görkezendiklerini belledi.

Awaza syýasy Jarnamasy jebisligiň we raýdaşlygyň beýan edilmegi bolmak bilen, BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklaýar.

Türkmenistan maslahaty guramaçy ýurt hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere we edaralara, sebit komissiýalaryna, halkara maliýe institutlaryna, raýat jemgyýetine, ýaşlara, hususy pudagyň wekillerine maslahata goşan goşantlary we hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri mejlisi jemlemek bilen, hemmelere umumy borçnamalary halklarymyzyň we geljek nesilleriň bähbidine anyk netijelere öwürmek üçin öňe gitmäge, hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi ilerletmäge, has inklýuziw hem-de durnukly geljegi gurmaga çagyrdy.

Foruma gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen resminamalaryň mundan beýläk-de bilelikde hereket etmek üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirip, kabul edilen çözgütleriň we maslahatlaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi resmi taýdan ýapyk diýlip yglan edildi. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli we ählumumy derejede durmuşa geçirilmeginiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

8-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.