Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi

14:18 10.08.2025 2836

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14731/original-16896f2483088f.jpg

8-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima öz çykyşynda maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna hoşallygyny beýan etdi. Şeýle-de ol Prezident Serdar Berdimuhamedowa maslahaty açyp, onuň üstünlikli geçirilmegini üpjün edendigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

Rabab Fatima maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belläp, Hereketleriň Awaza maksatnamasynda, Awaza syýasy Jarnamasynda bu ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin anyk çäreleriň hem-de çözgütleriň beýan edilýändigini aýtdy. 

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi resmi taýdan ýapyk diýlip yglan edilmegi Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli we ählumumy derejede durmuşa geçirilmeginiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Şeýlelikde, bu maslahat halkara hyzmatdaşlykda möhüm waka boldy. Bitarap Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdançany üpjün etdi, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa gatnaşyjylaryň arasynda dialogy alyp barmaga we ynanyşmak, açyklyk ýagdaýyny döretmäge ýardam berdi.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.