“Awazada” Türkmenistanyň DIM-niň we ÝB-niň wekilleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
12:13 09.08.2025 2752
7-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary we iň ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar şu ýylyň aprel aýynda geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» sammitiniň ähmiýetini bellediler.
Mundan başga-da, taraplar Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasynyň çäginde energetika we ulag geçelgelerini ösdürmek, sanlylaşdyrma we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar «Türkmenistan – ÝB» bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň yzygiderli işiniň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
ÝB-niň wekiliýeti myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede guralandygyny belledi.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.