Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdylar
19:41 07.08.2025 2635
6-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň Prezidentine BMG bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda geçirilýän halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň on ýyldan bir gezek geçirilýän bu möhüm çärä gatnaşmagynyň bu ýurtlaryň durnukly ösüşi babatda alnyp barylýan işe uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýändigi aýdyldy.
Ermenistanyň Prezidenti halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi hem-de şeýle möhüm çäräniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.
Söhbetdeşler deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Amala aşyrylýan özara saparlar, ýokary derejede geçirilýän gepleşikler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geňeşmeler munuň aýdyň güwäsidir.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ermeni döwletara dialogynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga hem-de eksport-import harytlarynyň görnüşlerini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler hem-de ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikde işlemek, tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.