Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri bilelikdäki infrastruktura desgalarynyň birnäçesini ulanyşa girizmek dabarasyna gatnaşdylar
22:08 18.01.2021 8191
14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli dabaralary geçirildi.
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow teleköpri arkaly gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi: “gysga möhletlerde amala aşyrylan bu üç taslamalar umumy maksada – biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna, giň halkara hyzmatdaşlygyna, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir”.
Ol şeýle hem, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň köp ýyllyk ýakyn hem-de sazlaşykly türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň oňyn netijesi bolup durýandygyny belläp geçdi.
Öz gezeginde, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Owganystan we onuň halky üçin bu çäreleriň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçdi. Bu desgalaryň taryhy barada gürrüň berip, Owganystanyň baştutany olaryň diňe ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem sebit ykdysadyýetiniň integrasiýasynyň berkidilmegi babatynda hem aýratyn ähmiýetli bolup durýandygyny nygtady. Owganystanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçysyna dostluk goldawy hem-de ýakyn goňşusyna bildirilýän aladalary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň diňe sebitiň ýurtlaryny däl-de, eýsem, dünýäniň ýurtlaryny hem birleşdirýändigi barada belläp geçdi.
Şeýlelikde, çärä gatnaşyjylar teleköpri arkaly Akina bekedinden 20 sany dürli ýüklerden düzülen ýük kerweniniň Andhoý şäherine dabaraly ýagdaýda ugramagyna tomaşa etdiler. Şolardan onusy dürli görnüşli ýangyçlary, şol sanda ECO-93 gazbenzinini, kerosi we beýleki nebit önümlerini, ýedisi — mineral dökünleri we galan üçüsi bolsa — ösümlik önümlerini eltip berer.
Mundan başga-da, Kerki elektrik bekedinden Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisiniň dabaraly ýagdaýda dolandyryjy enjam arkaly işe girizildi. Çärä gatnaşyjylar monitorda elektrik geçirijisine güýjenmäniň berilmeginiň tehnologiki görnüşini (wideoşekil) synladylar.
Şeýle hem dabara gatnaşyjylar Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) ugry boýunça halkara üstaşyr akymlaryny geçirmek üçin optiki süýmli birikmeleriniň dabaraly ýagdaýda dolandyryjy enjam arkaly işe girizilmeginiň wideoşekillerini synladylar. Täze halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulgam trafigini artdyrmaga, onuň Owganystana we Pakistana iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik peýda bolar. Bu şeýle hem maglumatlary ibermegiň tizligini artdyrmaga hem-de Türkmenistanyň we OYR-nyň arasyndaky ygtybarly kommunikasiýa aragatnaşygy kepillendirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, täze ulgamlar Ýewropa, Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky maglumat akymynyň tizligini 100 Gbit/sek çenli, geljekde bolsa 6 Tbit/sek çenli artdyrmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.