GaffneyCline-yň ýolbaşçysy Türkmenistanyň deňiz böleginiň energetiki mümkinçilikleri barada aýtdy
09:37 25.04.2025 6185
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynda (TEIF 2025) GaffneyCline TM Energy Advisory kompaniýasynyň sebit boýunça direktory Stiwen Trewers çykyş edip, Türkmenistanyň deňiz energetika pudagynyň durnukly ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin prezentasiýa bilen çykyş etdi.
Onuň çykyşynda görkezilen slaýdlarda ýurdumyyzň nebitgaz pudagynyň ösüşi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň köp mukdarda çekilmegi we geljege uly umyt baglan meýilnamalar aýratyn nygtaldy.
Stiwen Trewers häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň arasynda “Petronas” kompaniýasynyň Hazar deňziniň I Blogundaky işjeňligi barada gürrüň berdi. 1996-njy ýyldan bäri Taýýar önüm paýlaşmak hakynda şertnamanyň (PSA) çäklerinde “Petronas” Türkmenistanyň Hazar deňzindäki toplumynda ABŞ-nyň 11 milliard dollary möçberinde maýa goýdy. Bu şertnama ýakynda 2028-nji ýyla çenli uzaldyldy. Kompaniýa “Magtymguly”, “Diýarbekir” we “Garagöl Deňiz” ýaly gazkondensat ýataklaryny işläp taýýarlaýar. Bu ýataklar Gyýanlydaky gazy gaýtadan işleýän zawod we terminal arkaly üpjün edilýär. Bu düzüm ýylda 5 milliard kub metr gazy gaýtadan işlemäge ukyply bolup, sebitde artýan islegi kanagatlandyrmakda möhüm rol oýnaýar.
Şeýle hem Çeleken deňiz böleginde şertnama esasynda işleýän “Dragon Oil” kompaniýasynyň 2000-nji ýyldan bäri 400 million barrelden gowrak çig nebit çykarylandygy, kompaniýanyň maýa goýumlarynyň ABŞ-nyň 8 milliard dollaryndan geçendigi bellenildi. Kompaniýa “Jeýtun” (LAM) we “Jygalybeg” (Ždanow) ýataklaryny dolandyrýar. Şeýle hem “Dragon Oil” 2027-nji ýyldan başlap gazy monetizasiýa etmek boýunça başlangyçlara girişmegi meýilleşdirýär.
Trewers nebitgaz pudagynyň häzirki wagtda durnukly ösüş ýolundadygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, onýyllygyň ahyryna çenli ýylda goýulýan maýa goýumlaryň möçberi ortaça $700 million derejesinde saklanar, soň bolsa gazyň ösüş taslamalary bilen baglylykda bu görkeziji ep-esli ýokarlanar.
Bu ösüşe täsir edýän esasy ugurlaryň hatarynda “Galkynyş” taslamasynyň ikinji tapgyrynyň amala aşyrylmagy bilen gaz eksport mümkinçilikleriniň ýylda 30 milliard kub metr artmagy, şeýle hem TOPH (Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan) gaz geçirijisi boýunça ýylda 33 milliard kub metr gazyň eksport edilmegi bilen eksportyň dürlüliginiň ýokarlandyrylmagy görkezildi.
Ol daşary ýurt maýadarlary bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň eýeleýän ornunyň artýandygyny aýratyn nygtady. Mysal üçin, GaffneyCline kompaniýasy 1992-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji işine başlanda daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda diňe “Larmag” (häzirki “Dragon Oil”) işleýärdi, onuň gündelik nebit önümçiligi 10 000 barrelden hem azdy. Häzirki wagtda “Dragon Oil” güni $80 000 barrel çig nebit öndürýär, “Petronas” – 30-40 müň barrel nebit we kondensat, “Eni” kompaniýasy bolsa – takmynan 10 000 barrel öndürýär.
Stiwen Trewers bu ösüşiň Türkmenistan üçin halkara energetika bazarynda möhüm oýunçynyň derejesine çykandygynyň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň we pudaklaýyn infragurlamanyň strategiki ösüşiniň netijesidigini belledi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.