Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy

12:15 10.03.2025 5188

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13424/original-167ce87f7a412d.jpg

2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3%-e barabar boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji martda Hökümet mejlisinde belledi diýip, TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önüm boýunça görkezijiler, ýylyň başyndaky ýaly, 6,3 göterim möçberde saklanýar.

Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky özgertmeler kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 3,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy.

2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,1 göterim ýokarlandy.

Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim ýokarlandy.

Döwlet Baştutany jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň möhümdigini nygtap, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Başga makalalar
1622aed634ec42.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler

Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.


166ebf9ace7458.webp
Aşgabatda OGT – 2024 Halkara maslahatynda pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin çykyş eder

Energetika ulgamynda dünýä belli bilermen we Pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin şu ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara maslahatyna gatnaşar.


16868f6a54f0ad.jpg
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyp, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryny we özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1622ee04f5bf60.jpeg
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini jemledi

13-nji martda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda brifing geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.


1622aecee1b51e.jpeg
Türkmenistanda 11-nji martda Prezident saýlawlaryndan öň «dymyşlyk güni» yglan edildi

Türkmenistanda penşenbe güni ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaryny hödürlemek boýunça saýlawçylar bilen duşuşyklary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýty habar berdi.