Russiýanyň zawodlary TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin önümleri möhletinden ibermegi başardylar
16:42 18.12.2020 10375
OMK Çelýabinsk zawody (Russiýa) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin «Türkmengaz» döwlet konsernine önümleri bellenilen möhletinden bir aý öň tabşyrmagy başardylar. Bu barada rus habar beriş serişdeleri habar berýärler.
Hususan-da, «Trubodetal» zawody (OMK toparyna girýär) 2020-nji ýylyň dört aýynda TOPH halkara gaz geçirijisi üçin turbageçirijileriň 960 tonnadan gowrak birleşdiriji detallaryny iberdi. Bu sargydy ýerine ýetirmek üçin «Trubodetal» zawody OMK-nyň ýene-de bir kärhanasynyň — Wuksun metallurgiýa zawodynyň (Nižegorodsk oblasty) öndüren listlerinden we turbalaryndan peýdalandy. OMK-nyň zawodlarynyň şular ýaly utgaşyklylygy ahyrky önümleriň hilini kepillendirmäge we ony bellenilen möhletinden bir aý öň ibermäge mümkinçilik berdi.
«Türkmenistan biziň üçin geljegi uly sebit bolup durýar. Bu ýere biz önümlerimizi ibermäge taýýar we munuň üçin baý tejribä we tehniki mümkinçiliklere eýe. OMK-nyň Wuksun zawody bilen utgaşyklylykda işläp, biz islendik görnüşli we ölçegli turbageçirijileriň, şol sanda Ýewropa standartynyň birleşdiriji detallaryny gysga möhletde öndürip bilýäris. Bildirilen ynam hem bizi saýlandyklary üçin «Türkmengazdaky» hyzmatdaşlarymyza minnetdarlyk bildirýäris» - diýip, «Trubodetal» zawodynyň dolandyryjy direktory Ýewgeniý Baranow belledi.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.