Gurbanguly Berdimuhamedow: energetika we ulag ulgamlarynda ÝB hem-de ABŞ bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek zerur
10:27 17.12.2020 8057
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly berdimuhamedow Ýewropa Bileleşigi we ABŞ bilen energetika, ulag, işewürlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn üns berip, bu hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň köp görnüşli hem-de ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýändigini belledi. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goldamak, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek, ulag, ekologiýa, suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri bar.
Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, Ýewropa Bileleşigini energetika hyzmatdaşlygyna has işjeň çekmegiň üstünde hem netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Birnäçe hepde mundan öň biz özüne ileri tutulýan 68 taslamany birleşdirýän, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2021-nji ýyldaky hereketleriniň nobatdaky Maksatnamasyny tassykladyk. Milli Liderimiz Daşary işler ministrligine bu resminamanyň ýerine ýetirilmegini, şeýle hem geljek ýylyň dowamynda bu Guramanyň degişli düzümleri bilen howpsuzlyk, ulag meselesi, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady we daşary-syýasy hyzmatdaşlaryndan biri bolup durýar. Biz bu ýurt bilen sebit howpsuzlygyny, möhüm howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek meselelerinde we ençeme beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyk etmekde Türkmen-amerikan işewürler geňeşine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu Geňeş işläp gelýän 12 ýylynyň içinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň täsirli guralyna öwrülip, ýurtlarymyzyň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň, ösdürmegiň hem-de berkitmegiň, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny bilelikde gözlemegiň netijeli usuly boldy.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, geljekde bu düzümiň işine özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga, bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen täze, hil taýdan netijeli itergi bermelidir.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem Ýakyn we Orta Gündogar döwletleri, Afrika we Latyn Amerikasy döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümligini belledi.
Türkmenistan Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarynda, ulag meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde geljegi uly bolan hyzmatdaşlarymyz hökmünde garaýarys” diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, biziň diplomatiýamyz Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Katar Döwletiniň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek hakynda Aşgabat Ylalaşygyny amala aşyrmak boýunça özara işjeň hereket etmelidigi nygtaldy.
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara almak bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly sebitleýin döwletara birleşikleri bilen hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam eder diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.