Nebitgazçylaryň we geologlaryň hünär baýramy giňden bellenildi

19:54 14.12.2020 8730

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1295/original-15fd77c78efec7.jpeg

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 14-nji dekabrynyň ir ertiri ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasy baýramçylyk dabarasyna beslendi. Geçen hepdäniň ahyrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesini giň gerimde bütin agzybir halkymyz bilen toýlan zähmetsöýer nebitgazçylar düýn Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi — öz hünär baýramyny baý mazmunly dabaralar bilen bellediler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Gutlag toplumyň işgärlerinde buýsanç we ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Toplumyň göreldeli we işjeň işgärleriniň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen degişli pudagyň ösdürilişi, täze gurlan önümçilikler, amala aşyrylýan taslamalar baradaky çykyşlary hem şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Mälim bolşy ýaly, indi ýylyň-ýylyna nebitgazçylaryň hünär baýramy uludan bellenilýär we şol gün ajaýyp zähmet netijeleri, hünär ussatlygy, edara-kärhanasynda nusgalyk göreldesi bilen tapawutlanýan toplumyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň adyndan sarpalanyp sylaglanylýar. Bu ýyl hem nebitgaz senagatynda, geologiýa pudagynda asylly we ýadawsyz halal zähmeti bilen tapawutlanan işgärlere we hünärmenlere dabaraly ýagdaýda gymmatbaha sowgatlar, ter gül desseleri gowşuryldy.

Dabaraly pursatlarda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde yglan eden «Nebitgaz — baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller saňa buýsanjym!» we «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany, dünýä dolsun parahatlyk mukamy!» atly iň gowy ýazylan makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgudyr hekaýalaryň bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi we olar Hormat hatlarydyr gymmatbaha sowgatlar bilen sylaglanyldy. Sylag-serpaýa mynasyp bolan nebitgazçylar, geologlar we bäsleşikleriň ýeňijileri baýramçylyk dabarasynda çykyş edip, hoşallyk sözlerini aýtdylar. Bellenilişine görä, şeýle döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy özgertmekde, şol sanda nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmekde alyp barýan beýik işlerini döredijilikli beýan etmeklige ruhlandyrýar.

Şol günki göwünleri galkyndyran şatlykly pursatlaryň, toý tutumynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärleriniň ýüzlenmesi kabul edildi.

Başga makalalar
1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


1623c4aea51404.jpeg
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi

19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.