Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
14:48 15.12.2020 7681
Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!
Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk baýramynyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralary bilen utgaşyp gelen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistan Watanymyz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy dine bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirýäris. Muňa nebitgaz toplumynda amala aşyrýan iri taslamalarymyz, hususan-da, dünýäde uly gyzyklanma döredýän «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy aýdyň mysal bolup biler. Geljekde hem ýangyç-energetika toplumynda şunuň ýaly sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolar.
Hormatly nebitgaz toplumynyň işgärleri!
Biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň düzümini täze, döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna baýlaşdyrmak babatda ençeme taslamalary durmuşa geçirdik we bu ugurdaky maksatnamalaýyn işleri geljekde hem dowam etdireris.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde täze, geljegi uly bolan, nebite we gaza baý ojaklaryň açylmagy, ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan zerur we bäsleşige ukyply önümleri öndürjek gazhimiýa toplumlarynyň işe girizilmegi aýratyn buýsançly we örän guwandyryjydyr.
Bulardan başga-da, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe täze gazhimiýa toplumlarymyz tebigy gazy düýpli gaýtadan işläp, alynýan önümleriň görnüşlerini we möçberini has-da artdyrmaga, pudagy toplumlaýyn diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge oňyn şertleri döreder.
Gadyrly nebitgaz we geologiýa pudagynyň zähmetsöýer işgärleri!
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ählumumy hem-de sebit derejelerinde ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr.
Ylmyň we tehnikanyň häzirki ösen döwründe çig nebitiň we nebit önümleriniň ulanylyşy barha artýar. Şol nukdaýnazardan, ýurdumyzda nebithimiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris.
Bu ugry ösdürmek, bay uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak, energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir.
Bu alyp barýan işlerimiz döwletimiziň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak babatdaky syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Zähmetsöýer türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň, geologlarynyň meýilleşdirilen ähli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitçileri, gazçylary we geologlary!
Sizi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz senagatyny ösdürmek, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Gözleg işlerindäki üstünlik
Häzirki wagtda Üňüzaňyrsy Garagumuň çäklerinde kükürtsiz tebigy gazyň gorlaryny agtaryp tapmak ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Muňa soňky ýyllarda bu çäklerde açylan Agarguýy, Täjibaý, Täçmyradow, Hazarly we Demirgazyk Gazlydepe känlerini mysal getirmek bolar.
GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyny gazanmaklyga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi ýüze çykýar.
Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.