“Galkynyş” käninde çölleşmä garşy “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylýar
17:23 16.11.2024 4877
CNPC-niň ýanyndaky jogapkärçiligi çäkli Çuançin buraw inženerçilik kompaniýasynyň şahamçasy Türkmenistanda “Galkynyş” gaz käninde ýygy-ýygydan gaýtalanýan çäge süýşgünleri we ösümlikleriň pes ösüjiligi netijesinde ýüze çykýan topragyň ýel şorlaşmagyna garşy göreşmek boýunça taslamany durmuşa geçirýär. Bu barada CNPC-niň metbugat beýanynda aýdylýar.
Ekologiýa taýdan dikeldişiň däp bolan usullaryny häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar bilen utgaşdyryp, kompaniýa “Galkynyş” gaz käniniň töwereginde ösümlik gözenekleriniň kömegi bilen çägeleri berkitmek boýunça çäreleri gördi. Şeýle etmek bilen kompaniýa ýaşyl böwedi gurup, önümçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek we ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak boýunça çäreleri üpjün etdi.
“Galkynyş” gaz käni Türkmenistanyň günorta çägelik zolagynda ýerleşýär we tutuş ýylyň dowamynda güýçli şemal we çäge syrgynlaryna sezewar bolýar. Bu hadysalaryň önümçilige täsirini azaltmak üçin kompaniýa ýerüstüniň howa, toprak we şemal şertlerini barlady we şemalyň täsirine has durnuksyz ýerlerinde ösümlik gözenekleriniň kömegi bilen çägeleri berkitmegiň meýilnamasyny kesgitledi.
Meýilnamalary durmuşa geçirmek prosesinde çölleşmä garşy has netijeli göreşi üpjün etmek üçin toruň dykyzlygy ýerüstüniň gurluşyna we şemalyň ugruna uýgunlaşdyryldy. Ösümlik torlarynyň kömegi bilen çägeleri berkitmek boýunça taslama birnäçe wagtdan ilkinji miwelerini berip başlady.
Gaz käniniň töweregindäki topragyň şorlaşmasy netijeli togtadyldy, şeýle hem önümçilik desgalarynyň howpsuzlygy üpjün edildi.
Ýetilen sepgitleri berkitmek we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin kompaniýa ösümlik torlary bilen örtülen sebitleriň topragynyň we ösümlikleriniň ýagdaýyny yzygiderli barlagdan geçirýär we çägäni berkitmek meýilnamalaryna düzedişleri girizýär.
Kompaniýanyň çägäni berkitmek boýunça çäreleri diňe bir gaz käniň töweregindäki ekologiýa ýagdaýy gowulaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanda çölleşmä garşy göreşmek boýunça gymmatly tejribe boldy. Munuň özi “Çuançin” kompaniýasynyň daşary ýurt şahamçalarynyň ýaşyl ösüşe ygrarlylygyny görkezýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.